Ruhani:Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy Waşington döwletiniň halkara ylalaşyklara ygrarsyzlygyny mälim edendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2754-ruhani_amerikanyň_ýadro_ylalaşygyndan_çykmagy_waşington_döwletiniň_halkara_ylalaşyklara_ygrarsyzlygyny_mälim_edendir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikanyň prezidenti Donald Trumpyň resmi tärde ýadro ylalaşygyndan çykýanlygyny yglan etmeginden soňra beren gürrüňlerinde Amerika döwleti hiç haçan ygrarynda duran däldir we ýadro ylalaşygyndan çykjakdygy hem öňden bellidi diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 09, 2018 12:29 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy Waşington döwletiniň halkara ylalaşyklara ygrarsyzlygyny mälim edendir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikanyň prezidenti Donald Trumpyň resmi tärde ýadro ylalaşygyndan çykýanlygyny yglan etmeginden soňra beren gürrüňlerinde Amerika döwleti hiç haçan ygrarynda duran däldir we ýadro ylalaşygyndan çykjakdygy hem öňden bellidi diýip nygtady.

Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,öten agşam prezident Hasan Ruhani ýadro ylalaşygyndan çykýanlygyny Donald Trumpyň yglan etmeginden soňra eden çykyşynda indiden beýläk ýadro ylalaşygy Eýran bilen Orsýet,Hytaý,Fransiýa,Britaniýa we Germaniýa ýurtlarynyň arasynda yzarlanjakdyr diýip yglan etdi.

prezident Hasan Ruhani sözüniň dowamynda Eýranyň yslam respublikasynyň taryhy we hatda ondan ozal ýüze çykan wakalar Amerika döwletiniň Eýran hemde sebit milletlerine garşy duşmançylykly syýasaty amala aşyrýanlygyny we hiç haçan sebitde we dünýäde parahatçylygy berkarar etmek ugurda hereket etmänligini belli edendir diýip nygtady.

Trunpyň ýadro ylalaşygy baradaky tutan tutumy Eýran milletine garşy ruhy uruşyň başydyr emma Eýranyň çydamly milleti bu ruhy uruşyň täsiri astynda galmaz diýip Eýranyň döwlet baştutany sözüne goşdy.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda Amerikanyň ygrarsyzlygyna garamazdan ýadro ylalaşygy goralyp saklanjakdyr we biz başga şäriklerimiz bilen parahatçylyk ugurda ädim ädip başarjakdyrys emma egerde ýadro ylalaşygynda Eýranyň bähbitleri üpjün bolmasa täze tutumlary tutjakdyrys diýip yglan etdi.