Eýran-Oman Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji samiti geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27540-eýran_oman_strategik_maslahat_komitetiniň_11_nji_samiti_geçirildi
Eýran Yslam Respublikasy bilen Omanyň arasyndaky Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji Maslahaty penşenbe güni Maskatda geçirildi.
(last modified 2025-10-31T08:52:53+00:00 )
Oct 31, 2025 13:52 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Oman Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji samiti geçirildi

Eýran Yslam Respublikasy bilen Omanyň arasyndaky Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji Maslahaty penşenbe güni Maskatda geçirildi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary Majid Taht Rawançi we Omanyň Daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary Şeýh Halifa bin Ali Al-Haritiniň ýolbaşçylygynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasy bilen Omanyň arasyndaky Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji Maslahatynda iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky iň möhüm hyzmatdaşlyklar, şeýle hem Eýran we Oman raýatlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki tarap hem Eýranyň Prezidentiniň Maskat şäherine ýakynda eden saparyny örän möhüm we üstünlikli hasapladylar we Eýran bilen Oman Soltanlygynyň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Daşary işler ministriniň kömekçisi we Pars aýlagynyň baş direktory Mohammad Ali Bek, Eýran Yslam Respublikasynyň Oman Sultanlygyndaky ilçisi Musa Farhang we iki tarapdan birnäçe resminiň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda soňky syýasy we halkara wakalary, şeýle hem iki ýurdy gyzyklandyrýan beýleki meseleler barada pikir alyşyldy.