Hatibzade: Eýranyň ýadro programmasy dünýäde iň açyk programmadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27546-hatibzade_eýranyň_ýadro_programmasy_dünýäde_iň_açyk_programmadyr
Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary, Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň taryhynda Eýranda iň uly möçberde barlaglaryň geçirilendigini we hiç hili üýtgeşikligiň görülmändigini aýdyp, şeýle diýdi: Waşington we Tel-Awiw halkara kanunlaryny bozmak arkaly dünýä öz gegemoniýasyny ornaşdyrmaga synanyşýarlar.
(last modified 2025-11-02T07:55:31+00:00 )
Nov 02, 2025 12:55 Asia/Ashgabat
  • Hatibzade: Eýranyň ýadro programmasy dünýäde iň açyk programmadyr

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary, Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň taryhynda Eýranda iň uly möçberde barlaglaryň geçirilendigini we hiç hili üýtgeşikligiň görülmändigini aýdyp, şeýle diýdi: Waşington we Tel-Awiw halkara kanunlaryny bozmak arkaly dünýä öz gegemoniýasyny ornaşdyrmaga synanyşýarlar.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Said Hatibzade Minskde geçirilen "Ýewraziýa Howpsuzlyk Gurluşygy" sammitiniň çäklerinde Belarusyň CTV telekanalyna beren interwýusynda şeýle diýdi: Howpsuzlyk Eýran üçin hakyky mesele, sebäbi bu ýurt ABŞ-nyň we Sionist režiminiň terrorçylykly hüjümlerine we gönüden-göni hüjümine sezewar boldy, ýöne Eýranyň jogaby agressorlaryň yza çekilmegine sebäp boldy.

Pars Today-iň Tasnim habar agentligine salgylanyp beren maglumatyna görä, Hatibzade ABŞ-nyň agressiw syýasatyna salgylanyp şeýle diýdi: Bu ýurt öz agalygyny üpjün etmek üçin açyk güýç ulanýar we hiç hili ahlak ýa-da halkara gymmatlyklaryna eýermeýär.

Hatibzadanyň pikiriçe, Eýran, Hytaý, Russiýa we beýleki garaşsyz ýurtlar dünýä tertibiniň birtaraplaýyn täzeden ýazylmagynyň öňüni almak üçin ABŞ-nyň agressiw syýasatyna garşy umumy we strategik çemeleşmäni kabul etmelidirler.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Belarusyň Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugyny goldaýandygyna minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: Eýran Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasynyň agzasydyr, sionist režim bolsa bu şertnama goşulman, eýsem ýadro ýaraglaryny hem gizleýär.