Eýranyň Prezidentiniň Alžir Rewolýusiýasynyň ýyl dönümi mynasybetli gutlag haty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27548-eýranyň_prezidentiniň_alžir_rewolýusiýasynyň_ýyl_dönümi_mynasybetli_gutlag_haty
Eýranyň Prezidenti Alžir Rewolýusiýasynyň ýyl dönümini gutlap, bu ýurduň halkynyň kolonializme garşy ruhuny we göreşini dünýäniň çar künjegindäki azatlyk gözleýänler üçin ylham çeşmesi diýip atlandyrdy.
(last modified 2025-11-02T09:44:54+00:00 )
Nov 02, 2025 14:44 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Prezidentiniň Alžir Rewolýusiýasynyň ýyl dönümi mynasybetli gutlag haty

Eýranyň Prezidenti Alžir Rewolýusiýasynyň ýyl dönümini gutlap, bu ýurduň halkynyň kolonializme garşy ruhuny we göreşini dünýäniň çar künjegindäki azatlyk gözleýänler üçin ylham çeşmesi diýip atlandyrdy.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkýan Azatlyk Rewolýusiýasynyň 71 ýyllygy we bu ýurduň Milli güni mynasybetli Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbunä iberen hatynda Alžir halkynyň we liderleriniň onlarça ýyllap azatlyk gözleýän göreşde kolonializme garşy ruhuny, garaşsyzlygyny we batyrlygyny dünýäniň çar künjegindäki azatlyk gözleýän milletler we liderler üçin ylham çeşmesi hökmünde häsiýetlendirdi.

Pezeşkýan şeýle hem Eýran bilen Alžiriň arasyndaky taryhy gatnaşyklardan we umumy mümkinçiliklerden peýdalanmak arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iki milletiň bähbitlerine we aladalaryna laýyklykda has-da giňeljekdigine ynam bildirdi.