Ali Larijani:Donald Trumpyň edýän işleri Amerikanyň abraýsyzlygyna sebäp bolýandyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani düýäniň dolandyryş işlerinde özüni başlyk hasaplaýan Amerika ýaly ýurdyň prezidentiniň tutýan tutumlary abraýsyzlyga sebäp bolýandyr diýmek bilen Amerika milleti özüni öwen we syýasatda näbelet kişä giriftar bolandyr diýdi.
şu gün Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani mejlisiň açyk maslahatynda eden çykyşynda ýadro ylalaşygyndan Amerikanyň çykmagyna yşarat edip hemmeler Amerikanyň prezidenti Donald Trumpyň pugta bolmadyk we biderek gürrüňlerini eşitdiler diýdi.
Larijani şeýle-de Trump bir ýyldan gowrak bäri diplomatik şony ýola berip gelýändir diýip sözüne goşdy.
Eýranyň parlament başlygy sözüniň dowamynda Amerikanyň prezidenti bir wagt Birleşen Milletler Guramasynda Demirgazyk Koreýany ýok etjekdigini yglan etmek bilen bir wagtda bu ýurdyň liderini hem ýaňsylaýar we soňralar ýaňky aýdan sözüni unudyp Demirgazyk Koreýanyň lideri sylagly adamdyr we ol bilen gepleşik geçirjekdigini yglan etýär diýip nygtady.
Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk komissiýasynyň başlygy Alaeddin Brujerdi hem Donald Trumpyň ýadro ylalaşygyndan çykanlygyny yglan etmek bilen halkara derejesinde Amerika ynam edip bolmajakdygyny we halkara kanunlary ýaňsylaýanlygyny mälim edendir diýip nygtap geçdi.