Eýran: Meksikanyň howpsuzlygy we abraýy biziň hem howpsuzlygymyz we abraýymyzdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27572-eýran_meksikanyň_howpsuzlygy_we_abraýy_biziň_hem_howpsuzlygymyz_we_abraýymyzdyr
Eýranyň Meksikadaky ilçihanasy ABŞ-nyň we Sionist režiminiň Tährana garşy Mehiko şäherindäki režimiň ilçisine hüjüm edilmegi bilen baglanyşykly täze aýyplamalaryna reaksiýa bildirdi.
(last modified 2025-11-08T06:53:18+00:00 )
Nov 08, 2025 11:53 Asia/Ashgabat
  • Eýran: Meksikanyň howpsuzlygy we abraýy biziň hem howpsuzlygymyz we abraýymyzdyr

Eýranyň Meksikadaky ilçihanasy ABŞ-nyň we Sionist režiminiň Tährana garşy Mehiko şäherindäki režimiň ilçisine hüjüm edilmegi bilen baglanyşykly täze aýyplamalaryna reaksiýa bildirdi.

Pars Today-iň habaryna görä, Eýranyň Meksikadaky ilçihanasy beýanatda Eýranyň Ysraýyl ilçisini öldürmäge synanyşandygy baradaky aýyplamanyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly we taryhy gatnaşyklary ýok etmäge gönükdirilen uly media ýalanydygyny we biz ony düýbünden ret edýändigimizi yglan etdi.

Beýanatda Eýranyň we Meksikanyň bähbitleriniň deňdigi we Meksikanyň howpsuzlygynyň we abraýynyň Eýranyň howpsuzlygy we abraýydygy nygtaldy we şeýle hem biz Meksika hökümetiniň bize bildiren ynamyna hiç haçan hyýanat etmeris diýlip goşuldy.

Meksikanyň Daşary işler ministrligi hem ozal beýanatda ABŞ-nyň we Sionist režiminiň Eýran Yslam Respublikasyna garşy täze aýyplamalaryny ret edip, bu ýurtdaky režimiň ilçisine hüjüm edilmegi bilen baglanyşykly maglumatynyň ýokdugyny yglan etdi.