Karaçida Galibaf: Yslam ummaty Sionist režime garşy berk we birleşmelidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27580-karaçida_galibaf_yslam_ummaty_sionist_režime_garşy_berk_we_birleşmelidir
Eýran Parlamentiniň başlygy anna güni Karaçide ybadat edýänleriň ýygnagynda şu gün yslam ummatynda agzybirlik diňe bir zerurlyk däl-de eýsem, yslam ummatynyň ganly Sionist režime garşy berk we birleşip durmagy üçin ylahy däpdir diýdi.
(last modified 2025-11-08T07:55:42+00:00 )
Nov 08, 2025 12:55 Asia/Ashgabat
  • Karaçida Galibaf: Yslam ummaty Sionist režime garşy berk we birleşmelidir

Eýran Parlamentiniň başlygy anna güni Karaçide ybadat edýänleriň ýygnagynda şu gün yslam ummatynda agzybirlik diňe bir zerurlyk däl-de eýsem, yslam ummatynyň ganly Sionist režime garşy berk we birleşip durmagy üçin ylahy däpdir diýdi.

Pakistanyň Milli Assambleýasynyň başlygy Aýaz Sadygyň çakylygy bilen bu ýurda sapar eden Mohammad Bager Galibaf Karaçidäki Ýasrib metjidine baryp şeýle diýdi: Yslam ummaty, eziz Eýran we yslam ýurtlary tekepbirlige we aýallary we çagalary şehit eden we jemgyýeti otlaýan Sionist režime garşy berk durmaga borçludyrlar, 12 günlük uruşda Yslam Rewolýusiýasynyň we Eýran halkynyň öz raketalary bilen yslam duşmanlaryna (Ysraýyla) nähili betbagtçylyk getirendigini görşüňiz ýaly.

Eýran Parlamentiniň başlygy şeýle hem sözüni dowam etdi: Bu, birleşen we jebisleşen yslam ummatynyň we yslam ýurtlarynyň berk islegidir.

Galibaf şeýle hem biz dostlukly we doganlyk ýurda, esasanam şol 12 günüň dowamynda gije-gündiz meýdana çykyp, Eýran milletine goldaw bildiren Pakistan halkyna minnetdarlyk bildirýäris we biziň bitewi milletdigimizi we hyzmatdaşlykda bilelikde öňe gitjekdigimizi bilýäris.