Aragçi: Günbataryň meselesi Eýranyň ylmy ösüşi bilen baglanyşykly, ýadro ýaraglary bilen däl
Eýranyň daşary işler ministri şeýle diýdi: Günbatar ýurtlarynyň parahatçylyk maksatly ýadro senagaty ulgamynda ylmy merkez hökmünde Eýrany kabul etmekden başga çäresi galmaz.
Eýranyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi duşenbe güni beren gürrülerinde Ýadro senagaty indi örän uly pudaga öwrüldi we dürli ugurlarda çalt ösýär diýdi. Bu pudagyň diňe urany baýlaşdyrmak bilen çäklenýändigi baradaky pikirden tapawutlylykda, Eýranyň Atom energiýasy guramasynda we ýadro senagatynda lukmançylyk, saglyk, daşky gurşaw, oba hojalygy we senagat ýaly adamlaryň durmuşynyň dürli ugurlary boýunça netijeli işleriň we çäreleriň alnyp barylýandygyny we dowam etdirilýändigini aýtmak gerek.
Eýranyň Atom energiýasy guramasyna sapary mahalynda Aragçi şeýle nygtady: Ýadro tehnologiýasy ähli pudaklarda we ugurlarda bar we dürli ugurlaryň ösüşine goşant goşýar. Bu bilim we tehnologiýa Eýranda ylmy çaltlaşdyrdy we dürli pudaklara we ýurduň halkynyň durmuşynyň dürli ugurlaryna uly goşant goşdy.
Eýranyň daşary işler ministri Günbataryň Eýrandaky ýadro energiýasy bilen bagly meselesi barada şeýle diýdi: Olaryň meselesi aslynda ýadro ýaraglary bilen däl, esasy meselesi Eýrandaky bu ylmyň ösüşi bilen baglanyşykly. Ýurt saglygy goraýyş we bejeriş, senagat, daşky gurşaw we oba hojalygy ýaly dürli ugurlara eýe bolan örän çylşyrymly we duýgur ylmy ugurda eýran alymlary we bilermenleri bilen üstünlik gazandy we olar şeýle monopoliýany diňe özleri üçin saklamak isleýärler; şonuň üçin olar ýadro ýaraglaryny bahana hökmünde ulandylar.