Eýran: Terrorizm tutuş sebit üçin howpdur
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27600-eýran_terrorizm_tutuş_sebit_üçin_howpdur
Eýran Yslam Respublikasynyň Pakistandaky ilçisi bu ýurduň paýtagtynda bolan partlamany ýazgaryp, şeýle diýdi: Terrorizm tutuş sebit üçin howpdur we bu howply hadysanyň garşysyna durmak ähli ýurtlaryň bilelikdäki, tutanýerli we birleşen tagallalaryny talap edýär.
(last modified 2025-11-12T08:50:44+00:00 )
Nov 12, 2025 13:50 Asia/Ashgabat
  • Eýran: Terrorizm tutuş sebit üçin howpdur

Eýran Yslam Respublikasynyň Pakistandaky ilçisi bu ýurduň paýtagtynda bolan partlamany ýazgaryp, şeýle diýdi: Terrorizm tutuş sebit üçin howpdur we bu howply hadysanyň garşysyna durmak ähli ýurtlaryň bilelikdäki, tutanýerli we birleşen tagallalaryny talap edýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Pakistandaky ilçisi Reza Amiri-Mogaddam sişenbe güni Yslamabat şäherinde 12 adamyň ölümine we azyndan 30 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly partlamany ýazgaryp, şeýle diýdi: Terrorizm biziň sebitimizi durnuksyzlaşdyrmaga we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýolunda päsgelçilikler döretmäge synanyşýan gorkak elementleriň ýaman meýilnamasydyr.

Pars Today-iň habaryna görä, Eýranyň Pakistandaky ilçisi şeýle hem zalym dildüwşükler bilen döräp we güýçlendirilýän bu dowamly ýagdaý tutuş sebitde umumy howpdur; halkara terrorizm bilen bilelikde hyýanatçy elementler parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy nyşana alýarlar diýdi.

Ol şeýle hem bu howply hadysanyň garşysynda durmak üçin ähli ýurtlaryň bilelikdäki, tutanýerli we birleşen tagallalary gerek, bu tagallalar soňky onýyllyklarda san-sajaksyz bigünä adamlaryň janyna kast eden terrorçylygyň we zorlukly ekstremizmiň ähli görnüşlerini ýok etmek üçin zerurdyr diýdi.