Eýranyň Liwandaky ilçihanasy ABŞ-nyň resmileriniň Eýrana garşy beýanatlaryna jogap berdi
ABŞ-nyň resmileriniň Eýranyň Liwandaky we sebitdäki roly barada duşmançylykly beýanatlarynyň köpelmeginden soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýrutdaky ilçihanasy X sosial ulgamynda habar çap etdi we bu beýanatlary esassyz we sapma diýip atlandyrdy.
Eýranyň Liwandaky ilçihanasy şeýle yglan etdi: Soňky günlerde Amerikanyň Eýran we onuň Liwandaky we sebitdäki barlygy baradaky boş sözleri köpeldi.
Eýranyň ilçihanasy şeýle nygtady: Amerikan resmileriniň wagtyny ýitirip, boş gürrüňlere başlamagyň ýerine, ýyllar ozal Liwan halkyna beren wadalaryny ýerine ýetirmegini isleýärin; hatda elektrik krizisine çözgüt tapmaga kömek etmek derejesinde-de”.
Habar şeýle dowam etdi: ”Eýrany ýamanlamak we esassyz aýyplamagyň ýerine, ABŞ üçin Ysraýyl režiminiň ýamanlygyny we onuň Liwana we onuň ezilen halkyna garşy rehimsiz we dowamly agressiýasyny çäklendirmek has gowy bolardy”.