Eýran: Sionist režimiň Liwana garşy terrorçylykly hüjümi ýazgarylmaly
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Sionist režimiň Liwanyň dürli sebitlerine eden hüjümini ýazgardy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili “Ysmail Bagaýi” Sionist režimiň Sida şäherine we Palestinanyň Aýn al-Halwe düşelgesine eden hüjümini, şeýle hem birnäçe palestinaly bosgunlaryň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan metjidiň we sport zalynyň binasyna edilen hüjümini berk ýazgardy.
Bagaýi bu rehimsiz hüjümleri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň we halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň we esaslarynyň gödek bozulmagy hasaplady we Sionist režimiň 2025-nji ýylyň noýabr aýyndaky ok atyşlygy bes etmek baradaky düzgünleri yzygiderli bozmagyna salgylanyp, Birleşen Ştatlara režimiň Liwana we sebitdäki beýleki ýurtlara garşy dowam edýän hüjümi we jenaýatlary üçin gönüden-göni jogapkärçiligini ýatlatdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili, sionist basyp alyjy režiminiň Liwana garşy beren wadasynyň bozulmagy we yzygiderli harby hüjümleri barada, esasan hem ABŞ-nyň ok atyşlygy bes etmek kepilleriniň dymmagyny ýazgaryp, Birleşen Milletler Guramasynyň we halkara jemgyýetçiliginiň bu režimiň jenaýatlarynyň öňüni almak, jenaýatçylary jogapkärçilige çekmek we olary sud etmek üçin çynlakaý çäreleri görmegini talap etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili, sionist basyp alyjy režiminiň Liwana garşy beren wadasynyň bozulmagy we yzygiderli harby hüjümleri barada, esasan hem ABŞ-nyň ok atyşlygy bes etmek kepilleriniň tassyklaýjylaryň dymmagyny ýazgaryp, Birleşen Milletler Guramasynyň we halkara jemgyýetçiliginiň bu režimiň jenaýatlarynyň öňüni almak we jenaýatçylary jogapkärçilige çekmek we olary sud etmek üçin çynlakaý çäreleri görmegini talap etdi.