Aragçi: Biz hiç hili ýagdaýda nol göterim baýlaşdyrmany kabul etmeris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27660-aragçi_biz_hiç_hili_ýagdaýda_nol_göterim_baýlaşdyrmany_kabul_etmeris
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri biz hiç hili ýagdaýda nol göterim baýlaşdyrmany kabul etmeris, sebäbi bu mesele milli abraý we milli buýsanç meselesine öwrüldi diýdi.
(last modified 2025-11-20T08:07:35+00:00 )
Nov 20, 2025 13:07 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Biz hiç hili ýagdaýda nol göterim baýlaşdyrmany kabul etmeris

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri biz hiç hili ýagdaýda nol göterim baýlaşdyrmany kabul etmeris, sebäbi bu mesele milli abraý we milli buýsanç meselesine öwrüldi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri "Seýid Abbas Aragçi" öz Telegram kanalynda şeýle ýazdy: Biz hiç hili ýagdaýda nol göterim baýlaşdyrmany kabul etmeris, sebäbi bu mesele milli abraý we milli buýsanç meselesine öwrüldi we biz munuň üçin uly maddy we ruhy çykdajylar etdik we ony gorap saklamak üçin köp ýadro şehitlerini berdik.

Eýranyň Daşary işler ministri ýadro baýlaşdyrmasynyň göterimini nola çenli azaltmak baradaky islendik ylalaşygy dönüklik hasaplaýandygymyzy we ony kabul etmejekdigimizi nygtady.

Aragçi şeýle hem Agentlik bilen özara gatnaşykda biziň bombalanan ýadro desgalary bilen hiç hili gatnaşygymyz ýok we biz diňe Agentligiň düzgünleriniň çäklerinde bombalanmadyk desgalar bilen hyzmatdaşlyk edýäris diýdi.