Brigada generaly Şekarçi: Eýran öňküden has güýçli bolýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27666-brigada_generaly_Şekarçi_eýran_öňküden_has_güýçli_bolýar
Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş Ştabynyň Medeniýet we Ýumşak Uruş boýunça orunbasary Eýran Yslam Respublikasynyň bu ugurda öňküden has güýçli bolýandygyny yglan etdi we ýurduň raketa mümkinçilikleriniň yzygiderli gowulaşýandygyna salgylandy.
(last modified 2025-11-22T06:48:22+00:00 )
Nov 22, 2025 11:48 Asia/Ashgabat
  • Brigada generaly Şekarçi: Eýran öňküden has güýçli bolýar

Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş Ştabynyň Medeniýet we Ýumşak Uruş boýunça orunbasary Eýran Yslam Respublikasynyň bu ugurda öňküden has güýçli bolýandygyny yglan etdi we ýurduň raketa mümkinçilikleriniň yzygiderli gowulaşýandygyna salgylandy.

Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş Ştabynyň Medeniýet we Ýumşak Uruş boýunça orunbasary Brigada generaly Abolfazl Şekarçi anna güni Mehr habar agentligine beren interwýusynda Eýranyň raketa güýjüniň yzygiderli ösüş ýolundadygyny aýtmak bilen biz bu ugurda her gün ösýän meýilden geçýäris we şu gün düýnküden, ertir bolsa şu günküden has güýçli bolarys diýdi.

Pars Today-iň habaryna görä, ol Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylarynyň Aerokosmos Güýçleriniň şehit serkerdeleriniň, şol sanda Şehit General Hassan Tehrani-Mogaddam we Şehit General Amir-Ali Hajyzadanyň Yslam Respublikasynyň raketa gurluşyny döretmekdäki aýgytlaýjy roluna salgylanyp, sözüni dowam etdirip: Şehit Tehrani-Mogaddam bu güýjüň binýadyny goýdy we Eýranyň bu ugurda ösmegi üçin platforma döretdi.

Sardar Şekarçi Şehit Tehrani-Mogaddamyň imanynyň we jihad ruhunyň aýratynlyklaryny nygtady we şeýle diýdi: Raketa işlerinden has möhümi, bu şehitiň imany we berk ynamydy, bu bolsa oňa islendik taslamany üstünlikli tamamlamaga mümkinçilik berdi we şu gün biz şol ynançlaryň we tagallalaryň miwesine şaýat bolýarys.