Eýran, Hytaýdan Ýewropa konteýner otlulary üçin altyn derweze
Eýran, Hytaý, Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan we Türkiýäniň wekilleri demir ýol gatnawyny ösdürmek üçin Stambulda ylalaşyga gol çekdiler.
Eýran, Hytaý, Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan we Türkiýäniň wekilleri anna güni Stambulda bu möhüm geçelgeniň günorta şahasy arkaly ýük daşamak üçin demirýol gatnawyny ösdürmek barada ylalaşyga gol çekdiler.
Pars Today-iň IRNA-a salgylanyp habaryna görä, bu ylalaşyk Eýrany Hytaýdan Ýewropa konteýner otlularynyň geçmegi üçin altyn derweze derejesine goýýar.
Bu alty taraplaýyn ylalaşyga görä, bu geçelgede ýerleşýän ýurtlar Eýranyň territoriýasyndan geçýän bu geçelgede ýerleşýän günorta şahasyndan konteýner otlularynyň gatnawyny ep-esli artdyrmaga ýol açmaga, birmeňzeş we bäsdeşlikli nyrhlary belläp, otly gatnaw wagtyny çaltlaşdyryp, kömekçi we gümrük çykdajylaryny azaldyp, zerur infrastrukturany üpjün etmäge wada berdiler. ️
Geçen ýyl Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda takmynan 20,000 konteýner ýük otlulary görnüşinde tas 60 million tonna dürli ýük daşaldy. ️ Bu ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen, bu demir ýol üstaşyr gatnawynyň möçberiniň ep-esli böleginiň Eýran Yslam Respublikasynyň territoriýasyndan geçjekdigine we ýurda uly ykdysady we täjirçilik peýda getirjekdigine garaşylýar.