Mukaddes Goranyşyň 100 sany näbelli şehitiniň Tähranda jaýlanyş dabarasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27676-mukaddes_goranyşyň_100_sany_näbelli_şehitiniň_tähranda_jaýlanyş_dabarasy
Mukaddes Goranyş döwrüniň 100 sany näbelli şehitiniň mukaddes jesetleriniň jaýlanyş dabarasy Tehranda Hezreti Fatima Zahranyň (oňa Allahyň salamy bolsun) wepat bolmagynyň ýyl dönümine gabat geldi.
(last modified 2025-11-24T06:55:49+00:00 )
Nov 24, 2025 11:55 Asia/Ashgabat
  • Mukaddes Goranyşyň 100 sany näbelli şehitiniň Tähranda jaýlanyş dabarasy

Mukaddes Goranyş döwrüniň 100 sany näbelli şehitiniň mukaddes jesetleriniň jaýlanyş dabarasy Tehranda Hezreti Fatima Zahranyň (oňa Allahyň salamy bolsun) wepat bolmagynyň ýyl dönümine gabat geldi.

Mukaddes Goranyş döwrüniň 100 sany näbelli şehitiniň mukaddes jesetleriniň jaýlanyş dabarasy Tehran uniwersitetiniň esasy derwezesiniň öňünde harby we döwlet resmileriniň, şehitleriň maşgalalarynyň we şehitligi hormatlaýan adamlaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu habara görä, Tehran bilen bir wagtda, Eýranyň 31 welaýatynda başga 300 sany näbelli şehitiň mukaddes jesetleri hem öz pidalaryny ýatlamak üçin ýürekleri urýan adamlaryň egninde jaýlandy.

2025-nji ýylyň 24-nji noýabry, duşenbe güni, 1447-nji hijri Kamari ýylynyň Jemadiý-Sani aýynyň 3-nji güni, Pygamberimiz Hezreti Muhammet aleýhissalamyň söýgüli gyzy we möminleriň emiri Ali ibn Ebi Talibiň (as) aýaly Hezreti Fatima Zehranyň (s.a.) wepat bolan gününiň ýyl dönümidir.

Yslam Eýranyň musulman halky her ýyl metjitlere, hüseýniýalara we dini ýerlere baryp, Faziletli zenan, arassalygyň we ýalňyşmazlygyň nusgasy bolan hezreti Fatima Zahranyň (oňa Allahyň salamy bolsun) wepat bolmagy üçin ýas tutýar.