Kabul: Eýran bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurdyr
Talyban hökümetiniň ykdysadyýet ministri Kabuldaky Eýranyň ilçisi bilen duşuşygynda Eýran bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň Owganystan üçin ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy.
Tasnim habar agentliginiň habaryna görä, Talyban hökümetiniň ykdysadyýet ministri “Din Mohammad Hanif Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky ilçisi “Alireza Bekdeli” bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk we iki ýurduň ykdysady resmileriniň geljekki saparlaryny meýilleşdirmek barada pikir alyşdy Şeýle hem, ol Eýran bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň Owganystanyň ykdysady ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Talyban hökümetiniň Ykdysadyýet ministrliginiň beýanatyna görä, Alireza Bekdeli Tähran bilen Kabulyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ep-esli artandygyny we henizem giňelýändigini nygtady.
Beýanatda şeýle hem Owganystanda energiýa önümçiligi, ulag we söwda ulgamlaryna maýa goýumlarynyň, Eýrandaky owgan bosgunlarynyň ýagdaýynyň we ynsanperwer kömegiň dowam etdirilmeginiň duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan beýleki temalardygy aýdylýar.
Mundan ozal, Eýranyň senagat, magdan we söwda ministri Seýid Mohammad Atabakyň Kabula saparyndan soň, Eýranyň we Owganystanyň ýokary derejeli ykdysady we söwda delegasiýalary iki ýurduň arasyndaky ýyllyk söwda alyş-çalyşlarynyň möçberini 10 milliard dollara ýetirmek üçin esas döredilmelidigini nygtadylar.