Eýran bilen Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki metbugat maslahaty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27704-eýran_bilen_türkiýäniň_daşary_işler_ministrleriniň_bilelikdäki_metbugat_maslahaty
Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri bilelikdäki metbugat maslahatynda iki ýurduň gatnaşyklary we sebitleýin meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
(last modified 2025-11-30T13:46:14+00:00 )
Nov 30, 2025 18:46 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki metbugat maslahaty

Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri bilelikdäki metbugat maslahatynda iki ýurduň gatnaşyklary we sebitleýin meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Pars Today-iň habaryna görä, Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Seýid Abbas Aragçi we Hakan Fidan şu gün, ýekşenbe güni, 30-njy Noýabirda Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda duşuşyp  maslahatlaşdylar.

Bu söhbetdeşlikden soň, Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen metbugat maslahatynda çykyş edip, maslahatlarynyň mazmuny barada düşündiriş berdiler.

Aragçi bu metbugat maslahatynda şeýle diýdi: Eýran we Türkiýe diňe goňşular däl, eýsem dostlar we doganlardyrlar. Serhetlerimiz asyrlaryň dowamynda parahatçylyk we dostluk serhedi bolup geldi. Bu ýyl Eýranyň we Türkiýäniň Medeniýet ýyly diýlip atlandyryldy.

Eýranyň daşary işler ministri sözüni şeýle dowam etdi: Şu gün biz Eýran-Türkiýe Ýokary Geňeşini geçirmek üçin taýýarlyk işlerini gözden geçirdik we onuň ýakyn wagtda Tähranda geçirilmegine umyt edýäris.

Aragçi şu günki gepleşiklerde iki ýurduň prezidentleriniň ýolbaşçylygyndaky Ýokary Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň dokuzynjy mejlisini Tähranda geçirmek üçin taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşandygymyzy we gözden geçirendigimizi belläp, şeýle hem sözüni şeýle dowam etdi: Biz bu Ýokary Geňeşiň ýakyn wagtda Tähranda geçiriljekdigine umyt edýäris. Ol şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda artýar, ýöne ol göz öňünde tutulan maksatdan uzakdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda, sebit meseleleri boýunça uzak wagtlap pikir alyşdyk, Palestina meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylýan iň möhüm meseleleriň biri bolmagy tebigy zatdyr, Sionist režimiň Siriýa we Liwana garşy ýakynda eden hüjümleri onuň sebiti durnuksyzlaşdyrmak meýilnamasynyň bardygyny görkezýär, Siriýa garşy iň möhüm howp bu režimden gelýär, Sebitdäki ýurtlaryň borjy sionist režimiň howplarynyň öňüni almakdyr diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip bu gün gowy maslahatlar geçirdik we dowam ederis, şeýle hem Eýranyň ýadro meselesi we snapback boýunça maslahatlar geçirdik diýmek bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine ynanýarys diýdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan hem metbugat maslahatynda men Eýrana dördünji gezek gelýärin, şu günki duşuşyk örän netijeli boldy, Söwda, energiýa we beýleki ugurlar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri şeýle hem Hudaý ýol berse, iki ýurduň 9-njy Ýokary Geňeşini Tähranda Türkiýäniň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçireris diýdi.

Ol şeýle hem biz Palestina, Liwan, Siriýa we Ysraýylyň agressiýasy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk diýmek bilen Ysraýyl sebitdäki biziň hemmämiziň problemamyzdyr diýdi. Günbatar Şeriýada we Gazada hüjümler bes edilmeli we halkara jemgyýetçiligi Ysraýylyň sebitdäki giňelmegi bilen baglanyşykly borçlaryny ýerine ýetirmeli.

Fidan şeýle diýdi: Biz Eýranyň ýadro meselesi barada hem gürleşdik, Türkiýe hemişe Eýranyň ýanynda durar we bu mesele gepleşik arkaly çözülmeli, biz elimizden geleniniň hemmesini ederis.

Türkiýäniň daşary işler ministri sözüni şeýle jemledi: Men Prezident Pezeşkiýan, jenap Galibaf we jenap Larijani bilen duşuşmagy dowam etdirerin.