Aragçi: ABŞ-nyň hereketleri sebäpli halkara gatnaşyklary güýç esasly ýagdaýa geçdi
Eýranyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi şeýle diýdi: Bäş tapgyr gepleşiklerden soň, altynjy tapgyra taýýarlanýan wagtymyzda, amerikan tarapy diplomatik ýoly we araçylyk tagallalaryny bozdy.
Duşenbe güni Eýranyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi “Musa Al-Farai” programmasyna beren interwýusynda şeýle diýdi: Halkara hukugy we halkara ulgamlary ABŞ-nyň halkara gatnaşyklarynda güýç ulanmak meýli sebäpli gynansak-da täsirlendi.
Pars Today-iň habaryna görä, Aragçi şeýle-de bu özbaşyna harby goşulyşmalarda we terrorçylyk operasiýalaryny isleýän ýerlerinde amala aşyrmakda aýdyň görünýär diýip sözüne goşdy. Ol şeýle hem bu gün şaýat bolýan zatlarymyz global derejede çynlakaý alada döretdi diýip beýan etdi.