Eýran-Russiýa tehnologik hyzmatdaşlygynda täze bir bap; 20 ylalaşyk we bäş şertnama
Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamynda Russiýa sapary 20 maddadan ybarat hökümetara ylalaşyk memorandumynyň baglaşylmagy we iki ýurduň kompaniýalary arasynda bäş şertnamanyň gol çekilmegi bilen dowam etdi.
Eýranyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministriniň tehnologiýa we innowasiýa işleri boýunça orunbasary "Meýsam Abedi" şeýle diýdi: Anna güni Moskwa sapary mahalynda Eýran bilen Russiýanyň arasynda 20 ylalaşyk we bäş tehnologik şertnama gol çekildi we biz hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşmagyna we her ýyl ikitaraplaýyn şertnamalaryň gymmatynyň artmagyna şaýat bolarys diýip umyt edýäris.
Eýranyň Russiýadaky ilçisi Kazem Jalali bu babatda beren gürrüňlerinde Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamynda Eýran-Russiýa bilelikdäki iş toparynyň bäşinji duşuşygynda gazanylan gowy netijeler Eýranyň Aragatnaşyk ministrliginiň Russiýa tarapy bilen özara gatnaşygyny yzygiderli yzarlamagynyň netijesidir we bu ylalaşyklara ýetýänçämiz iki ýurduň wekiliýetleriniň we kompaniýalaryň birnäçe gezek saparlary geçirildi diýdi.