Eýranyň Yrakdaky ilçisi we Bagdat häkimi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ünsi çekdiler
Eýranyň Yrakdaky ilçisi we Bagdat häkimi bar bolan kynçylyklary çözmek üçin welaýatlaryň arasynda aragatnaşygy we tejribe alyş-çalyşyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Yrakdaky ilçisi "Muhammad Kazem Al Sadeg" Bagdat häkimi "Atwan Al Atwani" bilen duşuşdy. Bu duşuşykda Al Sadeg Al Atwanini Bagdat häkimi wezipesine girişmegi bilen gutlady we Bagdadyň ösüşiniň onuň wezipesinde dowam etjekdigine umyt bildirdi.
Al-Atwani hem Bagdat häkimligi bilen Eýranyň häkimlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçilikleri belläp, bar bolan kynçylyklary çözmek üçin häkimlikleriň arasynda aragatnaşygy we tejribe alyş-çalyşyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Iki tarap şeýle hem Yrakdaky soňky wakalar barada pikir alyşdylar we iki ýurduň häkimlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini we özara gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini nygtadylar.