Garibabadi: Eýran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleri bar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27758-garibabadi_eýran_bilen_braziliýanyň_gatnaşyklarynyň_giňelmegi_üçin_uly_mümkinçilikleri_bar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary öz habarynda Braziliýanyň Tährandaky ilçisi bilen duşuşygyny yglan etdi we Tähran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
(last modified 2025-12-08T07:29:43+00:00 )
Dec 08, 2025 12:29 Asia/Ashgabat
  • Garibabadi: Eýran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleri bar

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary öz habarynda Braziliýanyň Tährandaky ilçisi bilen duşuşygyny yglan etdi we Tähran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary "Kazem Garibabadi" sosial ulgamynda X-da şeýle ýazdy: Men ýekşenbe güni Braziliýanyň ilçisi bilen duşuşdym we bu duşuşykda Eýran bilen Braziliýanyň ikitaraplaýyn we halkara meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ugurlary ýaly giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we pikir alyşyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary şeýle hem sözüni dowam etdi: Eýran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleri bar, bu bolsa iki ýurduň degişli resmileriniň gözegçiligi bilen amala aşyrylar.