Bagaýi: ABŞ-nyň Wenesuelanyň nebit tankerine hüjümi "döwlet garakçylygynyň" mysalydyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň Deňiz güýçleriniň Wenesuelanyň nebitini daşaýan söwda gämisine harby hüjümini we onuň ele geçirilmegini "döwlet garakçylygynyň" aýdyň mysaly hökmünde häsiýetlendirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili "Esmail Bagaýi ABŞ-nyň Deňiz güýçleriniň Wenesuelanyň kenaryna golaý nebitini daşaýan söwda gämisine harby hüjümini we onuň ele geçirilmegini "döwlet garakçylygynyň" aýdyň mysaly hökmünde häsiýetlendirdi we ony ýazgardy.
Bagaýi şeýle hem ABŞ-nyň beýleki ýurtlara degişli söwda gämilerini ele geçirmek boýunça hereketi halkara hukugyna açyk äsgermezlik we halkara gämi gatnawynyň howpsuzlygyny we amanlygyny düzgünleşdirýän ýörelgeleriň gödek bozulmagydyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle hereketi esaslandyrmak üçin ABŞ-nyň içerki kanunlaryna we bikanun sanksiýalaryna salgylanmagyň bu "deňizdäki ýaragly talaňçylygyň" bikanun we jenaýatçylykly häsiýetini hiç hili üýtgetmejekdigini nygtady.
Bakaýi şeýle mejbury hereketleriň dowam etdirilmeginiň halkara parahatçylygyna, howpsuzlygyna we söwda üçin netijeleri we täsirleri barada duýduryş berip, ähli hökümetleriň we ygtyýarly halkara edaralarynyň şeýle bikanun hereketlere garşy durmak we ABŞ-ny jogapkärçilige çekmek jogapkärçiligini belläp geçdi.