Aragçy: Amerika ynamdar däl
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27776-aragçy_amerika_ynamdar_däl
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri biziň Amerikany hiç haçan dogruçyl gepleşikçi hökmünde ynanmaýandygymyzy aýtdy.
(last modified 2025-12-14T08:33:38+00:00 )
Dec 14, 2025 13:33 Asia/Ashgabat
  • Aragçy: Amerika ynamdar däl

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri biziň Amerikany hiç haçan dogruçyl gepleşikçi hökmünde ynanmaýandygymyzy aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçy şenbe güni agşam efire berlen "Al Jazeera" teleýaýlymyna beren interwýusynda şeýle diýdi: Biz uruş islemeýäris, ýöne meseleleri diplomatiýa arkaly çözmek isleýäris.

Pars Today-iň habaryna görä, ol şeýle hem sözüniň üstüne goşdy: Biz Amerikany dogruçyl gepleşikçi hökmünde hiç haçan ynanmadyk, Amerika hiç zatda dogruçyl bolmady we meniň pikirimçe, hiç kim Amerika ynanyp bilmez.

Aragçy şeýle hem sionist režiminiň Eýrana ýene hüjüm etmeginiň mümkinçiligi baradaky soraga jogap berip şeýle diýdi: Biz Ysraýyl režiminiň ýene hüjüm edip biljekdigi barada köp eşidýäris. Psihologik uruş hakyky urşuň bir bölegidir we bu, elbetde, uruş mümkinçiligini äsgermezlik edýändigimizi aňlatmaýar, biz doly taýýar; ýaragly güýçlerimiz we halkymyz islendik ýagdaýda ýurdy goramaga taýýar.