Ermenistanyň ilçisi Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň halkara gatnaşyklary boýunça geňeşçisi bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27784-ermenistanyň_ilçisi_yslam_rewolýusiýasynyň_lideriniň_halkara_gatnaşyklary_boýunça_geňeşçisi_bilen_duşuşdy
Ermenistanyň Tährandaky ilçisi Grigor Hakopýan Ýokary Lideriň halkara gatnaşyklary boýunça geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty bilen duşuşdy.
(last modified 2025-12-16T07:48:02+00:00 )
Dec 16, 2025 12:48 Asia/Ashgabat
  • Ermenistanyň ilçisi Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň halkara gatnaşyklary boýunça geňeşçisi bilen duşuşdy

Ermenistanyň Tährandaky ilçisi Grigor Hakopýan Ýokary Lideriň halkara gatnaşyklary boýunça geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki tarap sebit we halkara wakalary, esasanam Günorta Kawkazdaky wakalar barada pikir alyşdylar.

Welaýaty Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky taryhy we çuňňur gatnaşyklary nygtap, şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy bu gatnaşyklary giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga hemişe çalyşdy. Ol şeýle hem Eýran serhetlerdäki islendik üýtgeşmelere we ýurduň töweregindäki howpsuzlyga howp salýan wakalara garşy çykýar diýdi.

Welaýaty tejribeleriň görkezýşi ýaly, amerikanlar ilki başda ykdysady meýilnamalar bilen duýgur sebitlere girýärler, ýöne olaryň barlygy kem-kemden harby we howpsuzlyk ölçeglerine giňelýär. Amerikanyň Eýranyň serhetlerini islendik meýilnama görnüşinde açmagynyň howpsuzlyk üçin aýdyň netijeleri bar.