Larijani: Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň öňündäki ähli päsgelçilikler tiz wagtda aýrylar
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Tähranyň Demirgazyk-Günorta geçelgesini çalt durmuşa geçirmek baradaky tutanýerliligini nygtady.
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Larijani Tähranda Russiýanyň wise-premýeri Witaliý Sawiýew bilen geçiren duşuşygynda ähli ýerine ýetiriji we edara päsgelçilikleriniň gysga wagtyň içinde aýryljakdygyny we Demirgazyk-Günorta geçelgesini kanuny taýdan berkitmek üçin zerur ylalaşyklaryň baglaşyljakdygyny yglan etdi.
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Eýranyň Birinji wise-prezidentiniň yzarlaýşyna salgylanyp, taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň bökdençsiz dowam etmegi üçin geçelge ugrundaky ýerleriň satyn alynjakdygyny sözüne goşdy.
Sawiýew hem Eýranyň aýgytly çemeleşmesini makullady we Moskwanyň operasiýa tapgyrynyň başlanmagyny çaltlandyrmaga taýýardygyny yglan etdi. Iki tarap Demirgazyk-Günorta geçelgesini sebitiň geosyýasatynda möhüm faktor we durnukly hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki strategiýanyň bir bölegi hasaplady.