Aragçy: Eýran kanuny hukuklara hormat goýmak esasynda gepleşikleri ret etmedi
Eýranyň daşary işler ministri Yslam Respublikasynyň hiç haçan milletiň kanuny hukuklaryna we kanuny bähbitlerine hormat goýmak esasynda gepleşikleri ret etmedigini aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministri Seýýid Abbas Aragçy Britaniýanyň daşary işler ministri Iwett Kuper bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde üç ýewropa döwletiniň Eýranyň ýadro meselesinde jogapkärçiliksiz çemeleşmesini tankytlady we islendik mejbury we birtaraplaýyn gepleşikleri ret etdi.
Britaniýanyň daşary işler ministri şeýle hem öz ýurdunyň Eýranyň ýadro meselesini çözmek üçin diplomatik çözgüt ulanmak baradaky pozisiýasyny nygtady.
Eýranyň we Britaniýanyň daşary işler ministrleri konsullyk meseleleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada hem pikir alyşdylar we özara düşünişmegi berkitmek üçin maslahatlaryň dowam etdirilmelidigini nygtadylar.