Aragçi amerikanlylara: Hormatly diplomatiýa ýüzleniň
ABŞ-nyň wekiliniň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Tähran bilen gepleşikler barada aýdanlaryna jogap hökmünde Eýranyň daşary işler ministri şeýle diýdi: Bu gepleşikler däl, diktatura; manyly gepleşikler barada aýtmasaň-da bolar!
Sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde ABŞ-nyň wekili Morgan Ortagus Eýrana garşy sanksiýalary aýyrmak baradaky gepleşikleriň çynlakaý bolmazlygynyň sebäpleri barada esassyz garaýyşlary gaýtalap Birleşen Ştatlar Eýran bilen resmi gepleşiklere taýýar; ýöne diňe Tähran gönüden-göni we manyly gepleşiklere taýýar bolsa diýdi.
BMG-däki Eýranyň wekiline ýüzlenip, ABŞ-nyň wekili şeýle diýdi: “Diplomatiýanyň elini tutmagyň ýerine, eliňizi oda salmagy dowam etdirýärsiňiz. Jenap, otdan daşlaşyň we Prezident Trampyň diplomatiýa elini kabul ediň. Bu el size uzadyldy”.
Pars Today-iň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi ABŞ-nyň Günbatar Aziýa sebiti boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Morgan Ortagusyň Eýran bilen gepleşikler barada aýdanlaryna reaksiýa bildirdi.
Aragçi çarşenbe güni X sosial ulgamynda şeýle ýazdy: Birleşen Ştatlaryň diplomatiýanyň täze kesgitlemesi; “Biz manyly gepleşiklere taýýar, ýöne halkara derejesinde ykrar edilen hukuklaryňyzy ýatdan çykaryň!”
Eýranyň daşary işler ministri “bu gepleşikler däl-de, diktatorlykdyr“ Ol sözüni dowam etdirip ABŞ biziň halkymyza ot açyp, diplomatiýany ýok etmek kararyna gelende, dünýä biziň gepleşiklerimizi görüp durdy. Biz hem hemişe edýän işimizi etdik: bize hüjüm edenleri ýok etdik we olary eden işlerine ökündirdik diýdi.
Aragçi “diplomatiýa ugruna ýüz tutmagyň” bombardirçileri iberip, soňra olaryň şowsuzlygyny üstünlik hökmünde buýsanç bilen görkezmek diýmek däldigini nygtady!
Aragçi amerikanlylara garap, dünýäni aldamaga synanyşmagyň ýerine, hakyky we hormatly diplomatiýa ýüz tutuň diýip maslahat berdi.