Garibabadi: Ýadro meselesi bahana, duşmanlaryň duşmançylygy Eýranyň öňegidişliginden gelip çykýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27830-garibabadi_Ýadro_meselesi_bahana_duşmanlaryň_duşmançylygy_eýranyň_öňegidişliginden_gelip_çykýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garibabadi Ýadro meselesi bahana, duşmanlaryň duşmançylygy Eýranyň ulgamynyň yslam tebigatyndan, garaşsyzlygyndan we öňegidişliginden gelip çykýar diýdi.
(last modified 2025-12-26T08:11:30+00:00 )
Dec 26, 2025 13:11 Asia/Ashgabat
  • Garibabadi: Ýadro meselesi bahana, duşmanlaryň duşmançylygy Eýranyň öňegidişliginden gelip çykýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garibabadi Ýadro meselesi bahana, duşmanlaryň duşmançylygy Eýranyň ulgamynyň yslam tebigatyndan, garaşsyzlygyndan we öňegidişliginden gelip çykýar diýdi.

Pars Today-iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garibabadi penşenbe güni Eýrana garşy agressiw uruş bilen ýadro meselesi we gepleşikler arasyndaky islendik baglanyşygy ret edip, şeýle diýdi: Duşmanlar köp ýyllaryň dowamynda şeýle herekete taýýarlanýarlar we gepleşikleriň ortasynda bigünä adamlary, ýaşaýyş jaýlaryny we käbir infrastrukturalary nyşana almak bilen edilen agressiw hereket ýadro meselesiniň diňe bahanadygyny görkezdi.

Garibabadi şeýle-de ABŞ-nyň täze administrasiýasy bilen gepleşikler hem bu ýurda doly ynanmazlyk bilen we islendik harby herekete garşy durmak üçin zerur taýýarlyklar bilen geçirildi we gepleşikleriň dowamynda meýdan we diplomatiýa doly bir-birine gabat geldi diýip yglan etdi.