Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ABŞ-nyň gatyşmagy baradaky beýanaty
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Prezidentiň we beýleki amerikan resmileriniň Eýranyň içerki işleri baradaky gatyşmaçy beýanatlaryny berk ýazgardy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda şeýle diýilýär: Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Prezidentiň we beýleki amerikan resmileriniň Eýranyň içerki işleri baradaky gatyşmaçy beýanatlaryny berk ýazgarýar.
ABŞ-nyň Eýran milletine garşy zorlukly we bikanun çemeleşmesiniň dowamy bolan bu hili jogapkärçiliksiz pozisiýa diňe bir Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň we ýurtlaryň milli özygtyýarlylygyna hormat goýmak baradaky halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň we düzgünlerini gödek bozmak bilen çäklenmän, eýsem Eýran raýatlaryna garşy zorluga we terrorçylyga höweslendirmek bolup durýar.