Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideri: Biz duşmany Hudaýyň kömegi bilen dyza çökerteris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27876-eýran_yslam_rewolýusiýasynyň_Ýokary_lideri_biz_duşmany_hudaýyň_kömegi_bilen_dyza_çökerteris
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Beýik Lideri Ymam Aliniň (AS) doglan gününiň we general Soleýmaniniň şehit bolmagynyň ýyl dönüminde häkimiýet şehitleriniň maşgalalary bilen duşuşdylar. Bu duşuşykda ol Hezretleri duşmanlara garşy berk durmagyň zerurdygyny nygtadylar.
(last modified 2026-01-03T08:35:42+00:00 )
Jan 03, 2026 13:35 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideri: Biz duşmany Hudaýyň kömegi bilen dyza çökerteris

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Beýik Lideri Ymam Aliniň (AS) doglan gününiň we general Soleýmaniniň şehit bolmagynyň ýyl dönüminde häkimiýet şehitleriniň maşgalalary bilen duşuşdylar. Bu duşuşykda ol Hezretleri duşmanlara garşy berk durmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Pars Today-iň habaryna görä, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Beýik Lideri şu gün häkimiýet şehitleriniň maşgalalary bilen duşuşykda (12 günlük uruş) şeýle diýdiler: "Biz duşmany Hudaýyň komegi bilen dyza çökdüreris".

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de duşmanlaryň Eýran milletine edýän basyşlaryna salgylanyp, şeýle diýdiler: “Duşmanyň ýurda we resmilere, hökümete we millete bir zaty zorlamak isleýändigini duýan adamyň duşmana garşy doly güýç bilen durmagy möhümdir. Duşmanyň öňünde yza çekilmeris, Biz Beýik Hudaýa bil baglap we halkyň goldawyna ynanmak bilen, Hudaýyň razylygy bilen, duşmany dyza çöküreris”.