Eýran bilen Yragyň hyzmatdaşlygy sebit parahatçylygy we durnuklylygy üçindir
Eýran ilçisi bilen Yragyň prezidentiniň duşuşygynda iki tarap sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin utgaşyklylygyň dowam etdirilmelidigini nygtadylar.
Ýekşenbe güni Eýranyň Yrakdaky ilçisi Mohammad Kazem Al Sadeg prezident Abdul Latif Jamal Raşid bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Eýran ilçisi we Yragyň prezidenti sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslaryny berkitmek üçin utgaşyklylygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem, garşylyk şehitlerini ýatlamak dabarasynda Yragyň prezidenti şehitler Süleýmani we Abu Mehdi Al-Muhandisiň sebit howpsuzlygyny we demokratiýany berkitmekdäki gahrymançylykly roluny ýokary baha berdi we bu pidalary ýatdan çykarmazlygy milli we ahlak borjy hasaplady.
Yslam Rewolýusiýasyny Goraýan Korpusynyň Kuds Güýçleriniň serkerdesi general Gasem Süleýmani 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Yrak häkimiýetleriniň resmi çakylygy bilen bu ýurda syýahat edýärkä, Bagdat aeroportunyň golaýynda amerikan agressorlarynyň we terrorçylarynyň howa hüjüminde, Yragyň Halk Mobilizasiýa Güýçleriniň (Al-Haşd aş-Şabi) başlygynyň orunbasary Abu Mehdi al-Muhandis we onuň 8 ýoldaşy bilen birlikde şehit boldy.