Bagaýi: Wenesuelanyň Prezidenti boşadylmaly
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň Wenesuelanyň Prezidentini ogurlamagyny ýazgardy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bagaýi metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: Bu ýyl BMG-niň Tertipnamasyna hormat goýmazlyk, halkara hukugynyň bozulmagy we agyr halkara jenaýatlary üçin jezasyzlygyň dowam etmegi babatda iň erbet ýyl boldy. Gazada we Günbatar Şeriada bolup geçýän jenaýatlar iň erbet jenaýatlardyr. Şeýle hem, Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm edildi, bu bolsa ýarag ýaýratmazlyk režimine ölüm howply zarba boldy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ tarapyndan Maduronyň ogurlanmagy barada şeýle diýdi: Halkara düzgünleriniň gaýtalanýan bozulmagy olaryň ýok edilmegini aňlatmaly däl, tersine, bu ýörelgeler bolmasa, dünýäniň jüňňe öwrüljekdigi we käbir güýçleriň dünýäni bu ugurda güýç bilen alyp barmaga synanyşýandygy barada netije çykarmaly.