Pezeşkýan: Amerika we Ýewropa Eýran halky üçin alada etmeýärler
Eýranyň Prezidenti Masud Pezşekýan duşmanyň Eýrana zarba urmak üçin üns berýän esasy ugurlarynyň biri halkyň durmuşydyr we eger bu ugurda halkyň razylygy üpjün edilse, duşmanyň maksatlary puja çykar diýip nygtady.
Pars Today-iň habaryna görä, Eýranyň Prezidenti Masud Pezşekýan duşenbe güni ABŞ-nyň we Ýewropanyň Eýrandaky soňky wakalara adam hukuklary bilen bagly ikiýüzlü çemeleşmesini berk tankytlap, şeýle diýdi: Bu ýurtlar Gazada sionist režimiň eden iň ýigrenji we adamkärçiliksiz jenaýatlaryny goldap, adam hukuklaryny goramak üçin hereket edýärler we ýurdumyzda bolan soňky wakalarda olar resmi taýdan bidüzgünçileri we zorlukly hereketleri goldadylar.
Prezident Pezşekýan şeýle hem olar Eýran halkynyň öldürilmeginden alada etmeýärler, ýöne olaryň esasy maksady we açgözlügi bu adamlaryň nebiti we gazy, serişdeleri we baýlygydyr diýdi.