Şamhani: Islendik duşmançylykly herekete Eýran tarapyndan deň derejede jogap berler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27978-Şamhani_islendik_duşmançylykly_herekete_eýran_tarapyndan_deň_derejede_jogap_berler
Eýranyň Ýokary Goranmak Geňeşinde Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň wekili duşmanyň islendik duşmançylykly hereketine Yslam Respublikasy tarapyndan deň derejede, netijeli we seresap ediji jogap berler diýdi.
(last modified 2026-01-31T07:35:17+00:00 )
Jan 31, 2026 12:35 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: Islendik duşmançylykly herekete Eýran tarapyndan deň derejede jogap berler

Eýranyň Ýokary Goranmak Geňeşinde Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň wekili duşmanyň islendik duşmançylykly hereketine Yslam Respublikasy tarapyndan deň derejede, netijeli we seresap ediji jogap berler diýdi.

Eýranyň Ýokary Goranmak Geňeşinde Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň wekili "Ali Şamhani" anna güni agşam neşir edilen Liwanyň "Al-Mayadeen" telekanalyna beren interwýusynda şeýle diýdi:Häzirki ileri tutýan maksadymyz islendik howpa jogap bermäge doly taýýar bolmakdyr.

Pars Today-iň habaryna görä, ol şeýle-de biziň jogabymyz aýdyň we duşmanyň duşmançylykly niýetini görkezýän islendik herekete deň derejede, netijeli we seresap ediji jogap berler diýip düşündirdi.

Şamhani biziň jogabymyzyň diňe deňizdäki çaknyşyk bilen çäklenmändigini we has giň we ösen senariýlere hem taýýarlanandygymyzy aýtdy we şeýle hem sözüniň üstüne goşdy: Bu jogap sionist režimiň içinde hüjümi hem öz içine alar.

Yslam Rewolýusiýasynyň Beýik Lideriniň Ýokary Goranmak Geňeşindäki wekili şeýle diýdi: Pars aýlagynda we Oman deňzinde harby güýçleriň giňeldilmegi harby taýdan artykmaçlygy aňlatmaýar. Bu sebit biziň öýümiz we biz onuň geografiýasy we mümkinçilikleri bilen tanyş.