Bagaýi: Gepleşikleriň meýilnamasy düzüldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i28002-bagaýi_gepleşikleriň_meýilnamasy_düzüldi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bagaýi Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda ýakyn günlerde gepleşikler geçirmek üçin meýilnama taýýarlanyldy diýdi.
(last modified 2026-02-04T06:53:52+00:00 )
Feb 04, 2026 11:53 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Gepleşikleriň meýilnamasy düzüldi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bagaýi Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda ýakyn günlerde gepleşikler geçirmek üçin meýilnama taýýarlanyldy diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bagaýi sişenbe güni agşam IRNA bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: Ýakyn günlerde Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gepleşikler geçirmek üçin meýilnama taýýarlanyldy we gepleşikleriň geçiriljek ýerini kesgitlemek üçin maslahatlar geçirilýär, olar gutarnykly gutarandan soň yglan ediler.

Pars Today-iň habaryna görä, Bagaýi diplomatik esaslary üpjün etmek üçin tagalla eden dostlukly ýurtlara minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: Gepleşikleriň geçiriljek ýeri we wagty çylşyrymly mesele däl we media oýunlary üçin gural bolmaly däl diýdi.

Bagaýi şeýle-de Türkiýe, Oman we sebitdäki käbir beýleki ýurtlar gepleşikleri geçirmäge taýýardyklaryny yglan etdiler, bu biziň üçin örän gymmatlydyr diýdi.