Pezeşkýan: Eýran-ABŞ gepleşikleri öňe tarap ädim boldy
Feb 08, 2026 18:26 Asia/Ashgabat
Eýranyň Prezidenti ýakynda geçirilen Eýran-ABŞ gepleşiklerine salgylanyp, şeýle nygtady: Bu hereket öňe ädim boldy we ýadro meselesi boýunça biziň logikamyz Ýadro Ýaragynyň Ýaýradylmazlygy baradaky Şertnamada görkezilen hukuklardyr.
ISNA-nyň habaryna görä, Masud Pezeşkýan X sosial ulgamyndaky hasabynda şeýle ýazdy: "Sebitdäki dostlukly hökümetleriň yzarlamagy bilen geçirilen Eýran-ABŞ gepleşikleri öňe tarap ädim boldy.
Dialog hemişe parahatçylykly çözgüt üçin biziň strategiýamyz boldy. Ýadro meselesi boýunça biziň logikamyz Ýadro Ýaragynyň Ýaýradylmazlygy baradaky Şertnamada görkezilen hukuklardyr. Eýran halky hemişe hormata hormat bilen jogap berdi, ýöne güýç diline çydamaýar."