Irawani: Agressiýa ýagdaýynda aýgytly jogap bereris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i28080-irawani_agressiýa_ýagdaýynda_aýgytly_jogap_bereris
Eýranyň BMG-däki ilçisi ABŞ-nyň prezidentiniň haýbatlaryny ret edip, Tähranyň urşuň başlangyjy däldigini, emma islendik agressiýa aýgytly jogap berjekdigini nygtady.
(last modified 2026-02-20T07:15:52+00:00 )
Feb 20, 2026 12:15 Asia/Ashgabat
  • Irawani: Agressiýa ýagdaýynda aýgytly jogap bereris

Eýranyň BMG-däki ilçisi ABŞ-nyň prezidentiniň haýbatlaryny ret edip, Tähranyň urşuň başlangyjy däldigini, emma islendik agressiýa aýgytly jogap berjekdigini nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili “Amir Said Irawani” penşenbe güni BMG-niň Baş sekretaryna we Howpsuzlyk Geňeşine ýazan hatynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň talaplaryna we haýbatlaryna jogap hökmünde Eýranyň hiç hili uruş başlatmajakdygyny, ýöne harby agressiýa ýagdaýynda BMG-niň Düzgünnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda öz-özüňi goramak hukugynyň çäklerinde aýgytly, deň derejede we jogap berjekdigini yglan etdi.

Pars Today-iň habaryna görä, Irawani hatda şeýle diýdi: Bu howplar “BMG-niň Düzgünnamasynyň we halkara hukugynyň gödek bozulmagy hasaplanýar we sebitiň täze krizis we durnuksyzlyk sikli bilen ýüzbe-ýüz bolmak howpuny döredýär”.