Eýran bilen Müsüriň daşary işler ministrleriniň arasyndaky ýadro gepleşikleri boýunça maslahatlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i28084-eýran_bilen_müsüriň_daşary_işler_ministrleriniň_arasyndaky_ýadro_gepleşikleri_boýunça_maslahatlar
Müsüriň daşary işler ministri Badr Abdel Ati Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde sebitdäki we halkaradaky soňky wakalar barada pikir alyşdy we maslahatlaşdy.
(last modified 2026-02-20T10:20:45+00:00 )
Feb 20, 2026 15:20 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Müsüriň daşary işler ministrleriniň arasyndaky ýadro gepleşikleri boýunça maslahatlar

Müsüriň daşary işler ministri Badr Abdel Ati Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde sebitdäki we halkaradaky soňky wakalar barada pikir alyşdy we maslahatlaşdy.

ISNA-nyň habaryna görä, bu söhbetdeşlikde ýurdumyzyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gytaklaýyn gepleşikler bilen baglanyşykly soňky wakalara salgylanyp, taraplaryň özara hormatyna we bähbitlerine esaslanýan gepleşik taslamasyny taýýarlamak üçin edilýän tagallalary nygtady.

Müsüriň daşary işler ministri diplomatik prosesiň dowam etdirilmegini gutlamak bilen birlikde, gepleşikleriň öňe ilerledilmegi we degişli taraplar üçin kabul ederlikli çarçuwa ýetmek maksady bilen maslahatlary dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.