Ruhani:Eýranyň sebitleýin syýasaty howpsyzlygy goramak we terrorizme garşy göreşmekdir
Eýranyň prezidenti Tehranyň sebitleýin syýasaty howpsyzlygy we durnuklylygy goramak we terrorizme garşy göreşmekdir diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy terrorçy DAEŞ toparyny ýok etmek ugurda Yragyň döwleti we milletine beren goldawy hemde bu ýurtda saýlawlaryň howpsyz ýagdaýda geçirilenligi babatly hoşaldyr diýdi.
şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan RuhaniTehranda Eýran bilen Şri-lankanyň ýokary derejeli toparlarnyň maslahatynda eden çykyşynda bir taraplaýyn tärde Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyny halkara kanunlara garşy hasaplap Amerikanyň ygrarsyzlygy bu ýurdy ynamdan gaçyrandyr diýip nygtady.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda Eýran bilen Şri-lankanyň dostlukly gatnaşyklaryna yşarat edip iki ýurdyň köp ugurly gatnaşyklarynyň aýratynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi ugurda tagalla edilmegini nygtady.
Şri-lankanyň prezidenti Maithripala Sirisena hem bu duşuşykda ykdysady ösüşi el germek üçin Tehran-Kolomboyň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtamak bilen bir wagtda Eýranyň maýa goýujylaryny we ykdysady aktiwistlerini Şri-lankanyň proýektlerini amala aşyrmaga çagyrdy.Eýran bilen Şri-lankanyň prezidentleriniň gatnaşmaklarynda bilelikdäki 5 ylalaşyga gol çekildi.