Ruhani: musulman ýurtlar sionist režimiň jenaýatlaryna berk gaýtawul bermelidirler
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani musulman ýurtlar yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Stambulda geçirjek adatdan daşary maslahatynda sionist režimiň Palestina milletine garşy amala aşyrýan jenaýatlaryna berk gaýtawul bermelidirler diýdi.
yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň işewürleri şu gün Stambulda işine başladylar we erti hem birinjiden bu guramanyň düzümindäki ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirler onsoň başlyklarynyň maslahaty bolar.
şu gün prezident Hasan Rhani Kataryň emiri Şyh Tamim bin Hamad Al Sani bilen geçiren telefon arkaly söwhbetdeşliginde ýetip gelen oraza aýyny gutlamak bilen bir wagtda Eýran Yslam Respublikasy Kataryň döwletine w milletine garşy gadaganlyklaryň amala aşyrylmagyny nädogry bilýändir diýip yglan etdi.
Ruhani şeýle-de Tehran döwleti Katar döwleti bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdyr diýip sözüne goşdy.
Kataryň emiri Şyh Tamim bin Hamad Al Sani prezident Ruhani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde oraza aýyny gutlamak bilen bir wagtda Tehran-Duhaniň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegini isledi.