Stambul maslahatynda prezident Ruhani çykyş etdi
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiren adatdan daşary maslahatynda eden çykyşynda 6 amaly başlangyjy teklip etmek bilen bir wagtda bütin musulman milletlerden we döwletlerden birleşip Palestinadaky sionist režimiň basybalyjylygynyň öňüne geçmeklerini isledi.
juma gije Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Palestinanyň soňky ýagdaýna garamak niýeti bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiren adatdan daşary maslahatynda Birleşen Milletler Guramasynda Amerikanyň Telawiwdäki ilçihanasynyň Kudusa geçirmegi baradaky bikanun hereketine garamak üçin bu guramanyň umumy ýygnagynda ýörite maslahat geçirmegi islenmelidir diýip nygtady.
prezident Ruhani şeýle-de Amerikanyň we sionist režimiň bikanun hereketlerine garşy belli strategiýalary ileri sürmek üçin Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň hukuk, syýasat we ykdydasyýet bilermenlerini öz içine alýan bir işewür toparyň guralmagyny teklip etdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şeýle-de Palestina milletine toparlaýyn şeklinde ynsanperwer kömekleri ýetirmek üçin belli bir strategiýanyň nazara alynmagyny nygtamak bilen bir wagtda musulman ýurtlaryň hemmesini senenamasynda oraza aýynyň soňky gününiň bütindünýä Kudus güni diýilip atlandyrylmagyny teklip etdi.