Ruhani: uly gudratyň garşysynda ejiz bolsak hiç ýere ýetmeris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2982-ruhani_uly_gudratyň_garşysynda_ejiz_bolsak_hiç_ýere_ýetmeris
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani at-abraý bir millete her bir zatdan ýokardadyr diýmek bilen baý we köp sanly milletimiz bolsada emma bir uly gudratyň garşysynda ejiz bolsak hiç ýere ýetmeris diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 25, 2018 17:24 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: uly gudratyň garşysynda ejiz bolsak hiç ýere ýetmeris

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani at-abraý bir millete her bir zatdan ýokardadyr diýmek bilen baý we köp sanly milletimiz bolsada emma bir uly gudratyň garşysynda ejiz bolsak hiç ýere ýetmeris diýip nygtady.

prezident Hasan Ruhani Tehranda  Horramşäheriň halas bolmagynyň ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen çärede beren gürrüňlerinde Amerikanyň prezidenti Arabystan ilatyny süýtli sygyr hasaplaýar we olar sagylmalydyr diýip utançsyzlyk bilen beýan edýär diýmek bilen baýlyk we gözel ýaşaýyş gowy zatdyr emma ondan ýokarda durýan zat şol milletiň orun mertebesi we abraýydyr diýip nygtady.

Ruhani sözüniň dowamynda egerde Eýranyň ýaragly güýçleri bu ýurduň serhetlerini, abraýny hemde yslam we yslam ynkylabyny goraman bolsalardy bu günki gün  haýsy ýagdaýda durjagymyz belli däldi diýip beýan etdi.

Ruhani şeýle-de geçen näçe ýylda bir topar terrorçynyň Yragyň we Siriýanyň mililetleriniň başyna näme belalary getirendigini hemmämiz görendiris diýip sözüne goşdy.