Aragçi: Eýranyň ýadro ylalaşygynda galmagy Ýewropanyň tutumlaryna baglydyr
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi ýadro ylalaşygynda galmak ýa-da ondan çykmak barada Eýran heniz belli karara ýeten däldir diýmek bilen Eýranyň ýadro ylalaşygynda galmagy Ýewropanyň tutumlaryna baglydyr diýdi.
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi sözüniň dowamynda Ýewropalylar Eýrana garşy gadaganlyklaryň ýaňadan amala aşyrlan ýagdaýynda ýadro ylalaşygyndaky Eýranyň bähbitleriniň nähili üpjün boljakdygyny aýtmalydyrlar diýip nygtady.
ýadro ylalaşygyny bilelikdäki komissiýasy şu gün Wenada Eýran, Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Hytaý we orsýetiň wekilleriniň hemde Ýewropa bileleşiginiň daşary syýasat jogapkärleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
bu maslahatdan soňra gürrüň beren Abbas Aragçi ýewropa ýurtlarynyň beren wadalaryna garamak bilen ýadro ylalaşygyň goralmagy barada köpräk ynam dörändir diýip nygtap geçdi.