5300 kameraçy we habarçy bütindünýä kudus gününe degişli habarlary neşir etmäge taýýar
Eýranda yslam wagyzlary utgaşdyryjy geňeşiň intifaza we kudus boýunça merkezi ştabynyň başlygy Ramazan Şarif Eýranda bütindünýä kudus gününiň 40-njy nobatyna degişli habarlary neşir etmäge içerden we daşardan jemi 5300 kameraçy we habarçy Eýranyň 900-den gowrak şäherinde taýýar bolup durandyrlar diýip yglan etdi.
şu gün Eýranda yslam wagyzlary utgaşdyryjy geňeşiň intifaza we kudus boýunça merkezi ştabynyň başlygy Ramazan Şarif habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde üstümizdäki ýylyň bütindünýä kudus gününe degişli ýol ýörişleri şeýle bir ýagdaýda geçiriljekdir welin DAEŞ we Amerika, sionist režimi we olaryň sebitdäki hemaýatçylarynyň goldan terrorçylarynyň pitnesi ýatandyr we Palestina milletine goldaw bermek üçin täze şertler dňrändir diýip nygtady.
Eýranda yslam wagyzlary utgaşdyryjy geňeşiň intifaza we kudus boýunça merkezi ştabynyň başlygy Ramazan Şarif şeýle-de çydam toplumy köp şehitleri bermek bilen güýjine güýç goşandyr we öňki ýyllara görä başarnygyny artdyrandyr diýip sözüne goşdy.
yslam ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Humeýni hezretleri Palestina milletine we Kudusa goldaw bermek maksady bilen oraza aýynyň soňky jumasyny bütindünýä kudus güni diýip atlandyrdy.