mertebesi belent ýolbaşçy: adam hukuk meselesinde Eýran, günbatar jenaýatkärlerinden algylydyr
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri duşmanlaryň zor aýtmalarynyň garşysynda Eýran milletiniň hukukyndan arka çykmak ugurdaky Eýranyň kazyýet güýjiniň alyp barýan işleri babatly hoşallygyny beýan etmek bilen bir wagtda adam hukuk meselesinde Eýran Yslam respublikasy günbatar jenaýatkärlerinden algylydyr diýip nygtadylar.
çarşenbe güni Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy we jogapkärleri bilen geçiren duşuşygynda dünýäniň dürli künjeklerindäki Amerikanyň baş goşýan jenaýatlaryna hemde geçen ol ýyllyklaryň boýunda Afrika yklymynda we hin akýanynda Fransiýa bilen Britaniýanyň baş goşan jenaýatlaryna yşarat edip soňky ýyllarda hem günbatarlylaryň Siriýada Mýanmarda we başga ýurtlarda DAEŞ toparynyna goldaw bermegi olaryň adam hykuk baradaky puç toslamalarynyň üstüni açýar diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda bu günki gün propaganda işleri bilen gara ak we batyl hak edip görkezilýär emma gynansakda biziň aglaba organlarymyz ilatyň ynamyny gazanyp biljek anyk media işlerini ünsden düşürendirler diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri wagyz işleriň zerurlygyna yşarat etmek bilen bir wagtda durmuşda Eýranyň kazyýet güýji daşary duşmanlaryň we içeri gapyllaryň güýçli wagyz we işlerine we media basyşlaryna gabat gelip durandyr diýdiler. Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri şeýle-de duşmanlar ýurdyň howpsyzlygyny goramak ugurda tagalla edip ýörän birnäçe ýaş oglany öldüren jenaýatkäriň ynsaba laýyk gelýän prosesde suda çekilip oňa garşy çykarlan hökümi zalymlykly bilýärler we Eýranyň kazyýet güýji zalym hasaplanýar diýip sözüne goşdylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda göni we göni bolmadyk tärde Eýranyň bütin organlaryny bidüzgünçilikde aýyplanmagyny wagyz etmek ugurdaky hereketleri tankyt edip käbir döwlet we halk organlarynda bidüzgünçiligiň bolmagy mümkindir emma ony umumylaşdyrmak dogrydäldir diýip nygtap geçdiler.