Ruhani:bet niýetliler Eýran milletiniň garşysynda baş egjekdirler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3346-ruhani_bet_niýetliler_eýran_milletiniň_garşysynda_baş_egjekdirler
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani duşmanyň haýbatynyň pursata dönderilmegini nygtamak bilen bir wagtda bet niýetliler gysga wagtyň içinde Eýran milletiniň garşysynda baş egjekdirler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 28, 2018 12:25 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:bet niýetliler Eýran milletiniň garşysynda baş egjekdirler

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani duşmanyň haýbatynyň pursata dönderilmegini nygtamak bilen bir wagtda bet niýetliler gysga wagtyň içinde Eýran milletiniň garşysynda baş egjekdirler diýdi.

şu gün prezident Ruhani Eýranyň günortasynda ýerleşen Bandarabbasda dünýäniň iň uly suwuklandyrlan gazy arassalaýan Setare-e Haliç Pars kärhananyň 2-nji fazynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda bu günki gün taryhyň möhüm sepgitleriniň birisine gabat gelip durandyrys we şeýle ýagdaýda duşmanyň haýbat atmasynyň garşysynda durup ony pursata öwürmelidiris diýip nygtady.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda gadaganlyklar we basyşlar dünýäniň zor aýdyjy gudratlarynyň garşysynda başlangyçlara,önüm öndürmeklige we buýsanç gazanmaklyga mümkinçilik döretýändir diýmek bilen Eýranyň howpsyzlygy we strategik orny gaty möhümdir we sebitiň hemde Pars-Aýlagynyň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň ýagdaýlaryna garanyňda Eýranyň ýagdaýnyň gowdygyna göz ýetirýärsiň diýip beýan etdi.