prezident Ruhani Wenada Amano bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3383-prezident_ruhani_wenada_amano_bilen_duşuşdy
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani öten agşam Wenada halkara atom energiýasy agentliginiň başmüdiri Ýukiýa Amano bilen geçiren duşuşygynda bu agentligiň asly borjynyň atom energiýadan parahatçylykly haýyrlanmakda milletleriň bolýan haklaryna arka bolmakdygyny aýdyp ýadro ylalaşygy diplomatiýa üçin şeýle-de halkara atom energiýasy agentligi üçin bir uly üstünlik bolandyr şeýle halda bu üstünligiň dowam etmegi diňe bütin taraplaryň öz borçlarynda tapylmaklaryna baglydyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 05, 2018 14:22 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani Wenada Amano bilen duşuşdy

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani öten agşam Wenada halkara atom energiýasy agentliginiň başmüdiri Ýukiýa Amano bilen geçiren duşuşygynda bu agentligiň asly borjynyň atom energiýadan parahatçylykly haýyrlanmakda milletleriň bolýan haklaryna arka bolmakdygyny aýdyp ýadro ylalaşygy diplomatiýa üçin şeýle-de halkara atom energiýasy agentligi üçin bir uly üstünlik bolandyr şeýle halda bu üstünligiň dowam etmegi diňe bütin taraplaryň öz borçlarynda tapylmaklaryna baglydyr diýdi.

prezident Hasan Ruhani Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň bu ylalaşyga zeper ýetirendigine yşarat edip şeýle ýagdaýda bu ylalaşygyň beýleki taraplary Amerikanyň bu işiniň garşysynda durup onuň ýetiren zyýanlarynyň ýerini doldurmakda borçlydyrlar diýdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran milletiniň ýadro ylalaşykdaky bähbitleriniň üpjün bolman ýerinde Eýranyň bu ylalaşykda galmagyna hiç bir sebäp galmajakdygyny nygtap Eýranyň ýadro işleri hemişe parahatçylykly bolandyr we mundan beýläk hem şeýle boljakdyr, emma halkara atom energiýasy agentligi bilen hyzmatdaşlyk edilmeginiň nähili bolmagy barada tutum tutýan tarapyň Tehrandygyny aýdyp Eýranyň agentlik bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň hili we durmuşky ýagdaýyň üýtgedilmeginiň jogapkärçiligi täze ýagdaýy döreden adamlaryň  adamlaryň boýnyna boljakdyr diýip sözlerine goşdy.

halkara atom energiýasy agentligiň başmüdiri Ýukiýa Amano hem  ýadro ylalaşygyny tehniki we diplomatik  taýdan bi uly üstünlik bilip agentlik Eýranyň öz borçlarynda doly tapylýandygyny ençeme gaýtar nygtandyr diýdi.