Zarif: Wena maslahatynda Eýran milletiniň bähbitleriniň üpjün edilmegi nygtaldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3387-zarif_wena_maslahatynda_eýran_milletiniň_bähbitleriniň_üpjün_edilmegi_nygtaldy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Wenada ýadro ylalaşygynda galan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki komissiýasyndan soňra eden çykyşynda ýadro ylalaşygy esasynda Eýran milletiniň bähbitleri üpjün edilmelidir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 06, 2018 17:35 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Wena maslahatynda Eýran milletiniň bähbitleriniň üpjün edilmegi nygtaldy

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Wenada ýadro ylalaşygynda galan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki komissiýasyndan soňra eden çykyşynda ýadro ylalaşygy esasynda Eýran milletiniň bähbitleri üpjün edilmelidir diýdi.

şu gün Muhammet jawad Zarif habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Wena maslahatynyň gaty çynlakaý we önjeýli bolanlygyny aýdyp geçen 2 aýyň dowamynda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra ýadro ylalaşygyň çarçuwwasynda Eýranyň ykdysady bähbitlerini üpjün etmek ugurda köp tagalla edildi diýip nygtady.

Muhammet jawad Zarif sözüniň dowamynda Eýran yslam respublikasy ýadro ylalaşygyň başga taraplarynyň islegi esasynda Eýran milletiniň bähbitleriniň üpjün bolanlygyna ynam geçirýänçä Amerikanyň bikanun hereketiniň garşysynda baş goşjak çärelerinden häzir saklanypdurandyr diýip yglan etdi.Zarif sözüniň dowamynda şeýle-de ýadro ylalaşygyň başga taraplary nebit satyn almagyň dowam etdirilmegi, bank gatnaşyklary, ýük daşaýyş, söwda we maýagoýumlyk hyzmatdaşlyklary barada ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasynyň soňunda çykaran beýannamamalarynda hyzmatdaşlyk etjekdiklerini yglan etdiler diýip sözüne goşdy.