Ruhani: ýadro ylalaşygyny üýtgetmek onuň kämil bozulmagyna sebäp boljakdyr
Eýranyň döwlet baştutany ýadro ylalaşygyň kämil amala aşyrylmagy halkara derejesindäki başga hyzmatdaşlyklara gowy synagdyr diýdi.
Ruhani şeýle-de ýadro ylalaşygna bir zatlaryň goşulmagy ýada ondan aýrylmagy bu ylalaşygyň kämil bozulmagyna sebäp boljakdyr diýip nygtady.
prezident Hasan Ruhani şu gün Fransiýanyň prezidenti Emanoel Makron bilen geçiren telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde bu ýurduň döwletidir milletiniň Eýranda ýüze çykan ýer titreme babatly duýgudaşlyk bildirendikleri üçin minnetdarlygyny bildirip Tehran döwleti Pariž bilen köpugurly hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge taýýardyr diýip yglan etdi.
Ruhani şeýle-de sebitde DAEŞ toparynyň ýogalanlygyna yşarat edip Eýran Yslam respublikasy sebitde parahatçylygyň yzyndadyr diýip nygtady.
Fransiýanyň prezidenti Emanoel Makron hem bu söhbetdeşlikde Tehran-Parižiň köpugurly hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini garşylap bütin ýurtlar ýadro ylalaşgyny goramak ugrda tagalla etmelidirler diýip yglan etdi.