mertebesi belent ýolbaşçy: Eýran döwleti Amerikanyň pitnelerini şowsuzlyga uçradyp biljekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3452-mertebesi_belent_ýolbaşçy_eýran_döwleti_amerikanyň_pitnelerini_şowsuzlyga_uçradyp_biljekdir
Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Tehran döwleti gerek çäreleri amala aşyran ýagdaýynda kynçylyklary çözüp Amerikanyň pitnelerini şowsuzlyga uçradyp başarjakdyr diýdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 16, 2018 05:45 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy: Eýran döwleti Amerikanyň pitnelerini şowsuzlyga uçradyp biljekdir

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Tehran döwleti gerek çäreleri amala aşyran ýagdaýynda kynçylyklary çözüp Amerikanyň pitnelerini şowsuzlyga uçradyp başarjakdyr diýdiler.

ýekşenbe güni Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri prezident Hasan Ruhani we döwlet toparynyň agzalary bilen geçiren duşuşygynda  Eýran Yslam respublikasynyň Ýewropadaky pozisiýasyny kuwwatly hasaplamak bilen kesekileriň ylaýtada Amerikanyň garşysynda kuwwatlylygyňy görkezmek gereklidir we bu iş öz wagtynda açyk we berk şeklinde ýerine ýetirilmelidir diýip nygtadylar.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda ýurdyň mümkinçilikleri we başarnyklary esasynda işleriň çynlakaýlyk bilen yzarlanmagyny nygtamak bilen bir wagtda Ýewropa ýurtlary ýadro ylalaşygy barada gerek kepillikleri Eýrana bermelidir emma Eýranyň ykdysadyýeti bu meselä bagly bolmalydäldir diýip beýan etdiler.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri  şeýle-de diplomatiýanyň we daşary gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtamak bilen bir wagtda az sanly ýurtlar şol sanda Amerikadan başga Eýranyň günbatar we gündogar bilen saklaýan gatnaşyklary ösdürilmelidir we diplomatiýa hereketlerine badalga berilmelidir diýip sözüne goşdylar.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri  sözüniň soňunda ýurt üçin durnukly ykdysadyýet boýunça ýol planynyň düzülmegini gerekli hasaplamak bilen egerde bu iş amala aşyrylsa ilat we ykdysady işjeňler etjek işlerini gowy biljekdirler we aramlyk bilen döwletiň kömegine barjakdyrlar diýip nygtap geçdiler.